«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, şeýle-de Änew şäheriniň şu ýyl «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýändigi mynasybetli Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guraldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen syýahata agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy.
Syýahat mahalynda oňa gatnaşyjylar muzeý zallaryna aýlanyp, ol ýerdäki gymmatlyklar we maglumatlar bilen tanyşdylar. Muzeýiň hünärmenleriniň muzeýde sergilenen tapyndylar we maglumatlar dogrusyndaky gürrüňleri uly gyzyklanma döretdi.