Ýer ýüzünde kesp-kär, hünär köp. Megerem, şol kesp-kärleriň, hünärleriň takyk sanyny aýdyp biljek adam tapylmasa gerek. Bir hakykat welin bize aýan, islendik hünäri ilik-düwme öwrenýän, şol hünäri ömrüne hemra edinip, at-abraýa we şöhrata besleýän adamlar bar. Il arasynda olara «Öz käriniň ussady» diýilýär. Halkymyzyň arasynda tebigy zehinler köp. Aktýorçylyk ugrundan düýbünden düşünjesi bolmadyk, emma tebigy zehini bilen kino sungatyna aralaşyp, halk köpçüliginiň aňynda müdimilik galýan artistlerimiz hem bar. Şolaryň biri hem türkmen kino sungatyna tötänleýin aralaşan Türkmenistanyň at gazanan artisti Şükür Kulyýewdir.
Şükür Kulyýewi halk köpçüligi, esasan, 1970-nji ýylda surata düşürilen «Ýuwaş gelin» atly film esasynda tanaýan bolsalar gerek. Şükür aga bu filmde ýuwaş gelniň gaýyn atasynyň keşbini ussatlarça janlandyryp, halk köpçüliginiň göwnünden turmagy başarypdy. Şol keşbi döredenden soň kinorežissýorlar Şükür Kulyýewi hiç hili synagdan geçirmezden öz surata düşürýän filmlerinde keşp janlandyrmagy ynanypdyrlar. Beýle uly ynamyň diňe ýek-tük artistlere bildirilýändiginiň özi-de Şükür Kulyýewiň ussatlyk derejesiniň juda ýokarydygyny subut edýär.