Adada ýitip gitmek howpy abanýan Tristan albatrosyny we Atlantik sary burunly albatrosyny hem-de demirgazyk rokhopper pingwinini görmek bolýar.
Wulkan arhipelagynyň bir adasy bolan Tristan-da-Kunýa Günorta Afrikanyň Keýptaun şäherinden 2750 kilometr we Argentinanyň Buenos-Aýres şäherinden 4000 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Planetamyzyň iň uzakdaky ilatly ýeri hasaplanýan bu adanyň 300 töweregi ilaty bar. Balykçylaryň arasynda «Günorta Atlantikanyň derwezesi» ady bilen belli bolan wulkan arhipelagy 6 adany öz içine alýar. Demirgazyk kenary – Tristan-da-Kunýa adasy arhipelagyň ýeke-täk oturymly ýeri bolup, beýleki 5 adada ilat ýaşamaýar. Adanyň ilatly ýeri başgaça «Ýedinji deňziň Edinburgy» diýlip hem atlandyrylýar. Günorta Atlantikadaky bu uzak adalar 2000-nji ýyllara çenli köpçülige belli däldi. Diňe Günorta Afrikadan we Hindi ummanyna barýan ýoldan gämili geçýän balykçylar bu ýerde adamlaryň ýaşaýandygyny bilýärdiler. 2011-nji ýylda geçirilen «Wolwo Açyk 70» umman ýaryşyndan soň, Tristan-da-Kunýa adasy teleýaýlym arkaly köpçülige mälim edilýär.