Ýolagçy uçarlary köp mukdarda ýangyç sarp edýär. Bu bolsa howany zaýalaýar. Şeýle bolansoň, has tygşytly uçar hereketlendirijilerini öndürmek üçin yzygiderli tagalla edilýär. Şeýle hem awiakompaniýalar ýangyç üçin az çykdajy etmeýärler. Ýewropa Bileleşiginiň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi daşky gurşaw üçin zyýansyz awiaýangyjy taýýarlamaga goldaw berýär. Bioýangyç hasap edilýän energiýanyň bu görnüşini öndürmek üçin, esasan, iýmit galyndylaryndan peýdalanylar. Ýangyjy öndürmek üçin ulanylan iýmitlik ösümlik ýagyndan, malyň ýagyndan we beýleki iýmit galyndylaryndan peýdalanylar. Mundan başga-da, energiýa öndürmek üçin medeni usulda ekilen ösümlikden peýdalanylar. Bu ýangyç ýakylanda nebitden alnan ýangyç ýaly zyýanly zerrejikleri howa goýbermeýär. Ilkinji nobatda, bu ýangyjyň adaty ýangyja garyşdyrylmagy arkaly peýdalanylmagy, soňlugy bilen bolsa ýangyjyň bu görnüşiniň ýaýbaňlandyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýangyjyň bu görnüşi ABŞ-da hem öndüriler. Ýurtda 2030-njy ýyla çenli ýylda 3 milliard gallon howa gämileri üçin bioýangyç öndürilmegi maksat edinilýär. 2050-nji ýyla çenli bolsa, awiasiýa pudagy üçin ýeterlik derejede bioýangyç öndüriler.