Ählumumy saýlaw geçiriler. Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili şu ýylyň 26-njy oktýabrynda ählumumy saýlawlaryň geçirilmegi baradaky karara gol çekdi. Bu barada ýurduň Prezidentiniň resmi internet sahypasynda habar berilýär. Saýlaw kompaniýasynyň hem başlanandygy mälim edildi.
24 million dollara satyldy. Amerikan Beýsbol Ligasynyň (MLB) ady rowaýata öwrülen oýunçysy Babe Rutuň 1932-nji ýyldaky möwsümde geýen «Nýu Ýork Ýankis» toparynyň köýnekçesi auksionda 24 million dollara satyldy. Şeýlelikde, bu köýnekçe häzire çenli iň gymmat bahadan satylan sport kolleksiýasy boldy.