Kaka etrabynyň Awtoulag kärhanasynda “Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesi” ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan maslahatyň esasy maksady Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini zähmetkeşleriň arasynda wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy.
Maslahatda edilen çykyşlarda berkarar Watanymyzy ösüşleriň belent derejelerine çykarmakda, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ornunyň bardygy aýratyn bellenip geçildi. Şoňa görä-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň bosagasynda geçjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň ähmiýeti barada aýdylanlar gyzgyn golaw tapdy.