Indoneziýanyň Garaşsyzlyk güni ilkinji gezek ýurduň geljekki paýtagty Borneo adasynda (Kalimantan) gurulýan Nusantara şäherinde geçirildi. 17-nji awgustda geçirilen dabara Prezident Joko Widodo, Ministrler Kabinetiniň agzalary we harby wekiller gatnaşdy. Başlangyç meýilnama görä, baýramçylyk üçin Nusantara 8 müň myhman gelmelidi, ýöne ýaşaýyş jaýlarynyň ýetmezçiligi we dowam edýän gurluşyk işleri sebäpli sanaw 2 müň adama çenli azaldyldy. Bu wakadan öň Prezident Joko Widodo Nusantarada ilkinji hökümet ýygnagyny geçirdi. Ilki Garaşsyzlyk gününde paýtagtyň resmi taýdan göçmegi meýilleşdirilipdi, ýöne gurluşyk işlerinde maýa goýumlarynyň ýetmezçiligi we beýleki meseleler sebäpli yza süýşürildi.
Prezident Joko Widodo 2019-njy ýylda ilatyň artmagy we şäheri suw basmak howpy bilen baglylykda, paýtagty Jakartadan Kalimantan adasyna göçürmek başlangyjyny öňe sürüpdi. 2022-nji ýylda badalga berlen bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin 32 milliard dollar sarp edildi we 2045-nji ýylda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda taslamanyň bary-ýogy 20 göterimi durmuşa geçirildi.