Abadan durmuşyň kepili

22 Awgust 2024
109

Ykbalyny Watana bolan egsilmez söýgüsine kökerip, il-ulsy agzybirlige, jebislige çagyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly buýsanç bilen öwrenilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary onuň diňe bir şahyr däl-de, beýik akyldardygyny hem subut edýär. Gahryman Arkadagymyz Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň ähli nesiller üçin beýik taglymatdygyny nygtaýar.

Halal zähmet çekip abraý gazanmak jemgyýetiň agzybirligi, sagdynlygy we asudalygy barada aladalar bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda raýatlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, öndürijilikli  zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hereket edýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda, raýatlaryň isleglerine görä hünär, kär we iş ýerlerini saýlap almak hem-de olaryň sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine bolan hukuklary kepillendirilýär.  Zähmet kanunçylygynda kesgitlenilýän hukuk kadalary döwletimiziň zähmet hukuk gatnaşyklarynyň esas goýujy ýörelgelerini özünde jemleýär. Raýatlaryň bu çygyrdaky hukuklaryny hem azatlyklaryny pugtalandyrýar.

Ýazguly SÜLEÝMANOW,
«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň hukuk, işgärler we ýörite bölüminiň başlygy.