Golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — beýik başlangyçlara badalga» atly dabaraly maslahat geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň uly mejlisler zalynda geçirilen maslahata döredijilik işgärleri, KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýeňiş Haýytjanow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowa, welaýat çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň orunbasary, Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowa, welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Tirkeş Taganow dagy çykyş edip, ata-babalarymyzyň döwletli ýolunyň täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýandygy, şöhratly pederlerimiziň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly asylly ýörelgeleriniň dabaralanýan ajaýyp döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler dogrusynda belläp geçdiler. Welaýatymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi, onda jemgyýetçilik durmuşyna degişli wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygy, il-ýurt bähbitli döwletli çözgütleriň kabul edilýändigi dogrusynda belläp geçdiler. Halk Maslahatynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmekde jemgyýetçilik guramalarynyň giň gerimli işleri durmuşa geçirýändikleri barada aýtdylar.