«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024
Türkmenistan Watanymyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk görülýär. Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.