Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr

16 Awgust 2024
137

Nesilleriň arasyndaky baglanyşygy diňe terbiýe arkaly kemala getirip, berkidip hem-de ösdürip bolýandygy hemmämize mälim hakykatdyr. Çünki terbiýe arkaly ýaş nesil ýaşuly nesilden iň oňat bilimleri, başarnyklary, endikleri kabul edip alýar, özüçe ýaşaýyş modelini ýasajak bolmaýar-da, ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan ygtybarly tejribäni has baýlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge çalyşýar. Munuň özi jemgyýetiň durnuklylygyny, öňegidişligini, nesilleriň ruhy-ahlak kämilligini üpjün edýär. Şoňa görä-de, Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr, bilim we ylym bolsa terbiýäniň sütünidir» diýip belleýär.

Munuň, hakykatdan-da, şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyny ýene bir ýola okap çykanyňda göz ýetirmek bolýar. Bu romanda hormatly Arkadagymyzyň kakasy, döwlet Baştutanymyzyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen çagalygynyň bir döwri, has dogrusy, bir ýarym ýyly beýan edilýär. Roman türkmen halkynyň ruhy-ahlak dünýäsiniň — kynçylygyň öňünde ejizlemän, ony adamlaryň bilelikde, agzybirlikde alyp çykyşynyň, maşgala mukaddesliginiň, peder bilen perzendiň ruhy baglanyşygynyň, watansöýüjiligiň, milli ýol-ýörelgeleriň kämil açylyp görkezilişi, çeperçiligi taýdan taryhy ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň üçin-de, bu eser pedagogiki jähetden ýaş nesiller üçin örän gymmatlydyr.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika mugallymy.