Döwlet belligine almagyň kadalary

16 Awgust 2024
147

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýandygynyň konstitusion hukuk kadasy berkidilýär. Şol hukuk kadasynda ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalary terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyklary we şol bir wagtyň özünde borçludygy barada-da nygtalýar.

Mähriban Diýarymyzda ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin döwlet derejesinde giň şertler döredilip, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edilýär. Türkmenistanda dünýä inen her bir çaga döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir. Munuň üçin çaganyň ene-atasy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, çaganyň hakykatda doglan ýerindäki ýa-da ene-atanyň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasyna ýüz tutýarlar. Çaganyň dogluşynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin degişli RÝNÝ edarasyna ýüz tutulan güni döwlet belligine alyş işi amala aşyrylýar.

Ylýas TOPALAKOW,
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň kazyýet ýerine ýetirijisi.