Döwlet gullukçysy: talaplar we borçlar

15 Iýul 2024
280

Türkmenistanda taryh üçin gysga döwürde durnukly ykdysadyýetiň berk binýady kemala getirildi. Gahryman Arkadagymyz: «Biziň bazar ykdysadyýeti şertlerindäki özgertmelerimiziň çalt depginde amala aşyrylmagy, ilkinji nobatda, döwlet gullukçylarynyň, dolandyryjy hünärmenleriň sowadyna, gözýetiminiň giňligine, işjeňligine, guramaçylyk ukybyna baglydyr» diýip belleýär. Şoňa görä, ýurdumyzda döwlet gullukçylarynyň hukuk bilimini, sowatlylygyny, aňyýetini, medeniýetini ösdürmäge, döredijilik ukyplarynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. 2016-njy ýylyň martynda «Döwlet gullugy hakynda», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bu ugurdaky özgertmeleriň aýdyň mysaly bolup, munuň özi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulýandygyny görkezýär. Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň esasy wezipesi Watana, halka hyzmat etmek bolup durýar. Bu Kanunlaryň kabul edilmegi döwletimiziň umumy ykrar edilen halkara resminamalarda berkidilen kadalara we ýörelgelere pugta eýerýändiginiň güwäsidir.

«Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 6 bapdan, 48 maddadan ybarat bolup, bu ugruň hukuk we guramaçylyk esaslaryny, raýatlaryň döwlet gullugyna hukuklaryny durmuşa geçirmeginiň şertlerinidir tertibini kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynda «Döwlet gullugy — bu döwlet gullukçylarynyň döwlet häkimiýetiniň wezipelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrýan hünär işidir» diýlip bellenilýär. Şeýle hem gullukçylaryň üstüne milli bähbitleri goramak; döwlet gullugynyň ýörelgelerine eýermek; döwlet edarasynda bellenilen dessury, içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryny, wezipe gözükdirijilerini, gulluk maglumatlary bilen işlemegiň tertibini berjaý etmek; döwlet we zähmet düzgün-nyzamyny, gulluk etikasynyň kadalaryny berjaý etmek ýaly borçlar ýüklenilýär.

Aýnur GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.