Wagyz-nesihat maslahaty

12 Iýul 2024
292

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň welaýat prokuraturasy we adalat bölümi bilen bilelikde guramagynda jemgyýetimizde hukuk tertibini üpjün etmek, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň ýoly bilen» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

TKA-nyň welaýat birleşmesinde geçirilen maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli kanunçylyk ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýratyn bellenildi. Çykyş edenler ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny goramak, raýat jemgyýetini berkarar etmek babatynda hukuk goraýjy edaralar tarapyndan alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler.  Şunda  raýat hukuk gatnaşyklarynyň uly orna eýedigini bellediler. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi babatda alnyp barylýan işleriň bagtyýar ildeşlerimizde çäksiz hoşallyk duýgusyny döredýändigi bellenildi.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Atažan ODAÝEW.