Ýewropa çempionatyndan soň ABŞ-da dowam edýän 48-nji Kopa Amerikada hem finalçylar belli boldy. Ýarym finalda Argentina bilen Kanadanyň ýygyndylary duşuşdy. Toparçada hem duşuşan toparlaryň bu duşuşygynda-da şol oýundaky netije hasaba alyndy. Argentinanyň ýygyndysy Hulian Alwaresiň 22-nji, Lionel Messiniň 51-nji minutlarda geçiren gollary esasynda Kanadany 2–0 hasabynda ýeňip, Kopa Amerikada bassyr 2-nji, soňky 8 ýaryşda 6-njy, umumylykda-da 30-njy gezek finala çykdy.
Messiniň