Basketbol dünýäde millionlarça adamyň halaýan sport görnüşidir. Dünýäde sport zallaryndan başlap, seýilgählerde we ýollaryň ugrunda basketbol halkajyklaryna duş gelmek bolýar. Käbir basketbol ligalarynda kiçi ýaşlylara niýetlenen oýunlarda basketbol halkasy pesräkde oturdylyp bilner. Ýöne orta sport mekdeplerinden başlap, professional ligalara çenli ýaryşlarda, adaty oýunlarda halkalar şol bir beýiklikde berkidilýär. Eýsem, siz basketbol halkasynyň näme üçin 3 metr beýiklikde goýulýandygy barada pikirlenip gördüňizmi?
1891-nji ýylyň dekabr aýynda Massaçusets ştatynyň okuw mekdepleriniň birinde ýapyk binada top oýnamaly bolanda kanada-amerikan mugallymy Jeýms Neýsmit topy örme açyk sebetden geçirmegi teklip edýär. Şeýlelik bilen basketbol oýny döreýär. Basketbol iňlis dilindäki «basket» – sebet we «ball» – top diýen sözlerden emele gelipdir. Basketbol oýnunda ilkibaşda her toparda 9 oýunçy bolup, oýunçylar ýerlerinde butnaman durmaly eken. Top elden ele geçip sebede oklanypdyr. Örme sebetler soňlugy bilen aşagy torly demir halka bilen çalşyrylýar. Emma ilkibaşda 3 metr beýiklige berkidilen halkalaryň orny üýtgedilmeýär.