Ýaponiýanyň hökümeti ýük daşamak maksady bilen 500 kilometre uzaýan awtomatlaşdyrylan konweýeri gurmagyň meýilnamasyna garaýar. Göz öňünde tutulýan logistika ugry ýurduň esasy şäherlerini birleşdirer we her gün millionlarça tonna ýük daşamaga ýardam berer.
«Monster» atly iri taslama Ýaponiýanyň ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministrliginiň bilermenler topary tarapyndan işlenip düzüldi. Hökümet eltip bermek pudagynda işçi güýjüniň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly logistika kynçylyklaryny aradan aýyrmagy maksat edinýär. Awtomatlaşdyrylan ugurlaryň täze ulgamy Tokiony, Osakany we beýleki şäherleri birleşdirer we takmynan, 25 müň ýük awtoulagynyň ornuny tutar. Şeýle hem bu taslama ýollardan on müňlerçe ýük awtoulagyny kemeltmek bilen, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň mukdaryny-da azaldar.