Zähmet partiýasy Beýik Britaniýada geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soň, ýurduň Koroly Karl III partiýanyň Lideri Kir Starmere täze Ministrler Kabinetini düzmegi tabşyrdy. Şeýlelikde, ýurduň daşary syýasat edarasynyň başlygy wezipesine Dewid Lemmi, goranmak ministri wezipesine Jon Hili bellenildi, Reýçel Riwz bolsa ýurduň ilkinji zenan maliýe ministri boldy.
Täze Kabinet ykdysady durnuklylygy üpjün etmek, saglygy goraýyş ulgamynda garaşmagyň wagtyny azaltmak, jenaýatçylyga garşy göreşmek we arassa energiýanyň önümçiligi boýunça täze jemgyýetçilik kompaniýasyny döretmek ýaly ileri tutulýan meseleleri çözmäge ünsi jemlemekçi. Şeýle-de, Zähmet partiýasy terrorçylyga, kontrabanda we adam söwdasyna garşy göreşmegiň çäklerinde aýratyn serhet howpsuzlygy gullugyny döretmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, täze Kabinet Beýik Britaniýanyň mekdeplerinde mugallymlaryň sanyny 6,5 müňe çenli artdyrmak we başlangyç mekdepleri mugt ertirlik nahary bilen üpjün etmek isleýär.