Titan kuby
Awstraliýanyň Melburn tehnologiýa uniwersitetiniň hünärmenleri üç ölçegli çap ediji enjamda howa we älem gämileriniň gurluşygynda peýdalanyljak «Titan kuby» diýlip atlandyrylan çylşyrymly materialyň täze görnüşini taýýarladylar. Onuň gözenek-gözenek gurluşy materiala düşýän basyşyň we agramyň derejesini peseltmekde ähmiýetlidir. Bu tehnologiýany häzirki wagtda lukmançylykda emeli süňk düzüm bölekleriniň önümçiliginde hem peýdalanmak göz öňünde tutulýar.