Käbir ösümlikleri mör-möjekler ýa-da beýleki haýwanlar iýmeýär, olaryň özleri mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Siňekdir arylar bilen iýmitlenýän otlar barada ozal hem eşiden bolsaňyz gerek. Ýer ýüzünde mör-möjek iýýän ösümlikleriň 700-den gowrak görnüşi bar. Olaryň käbiri barada gysgaça maglumaty körpe okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.
Küýze ösümligi. Küýze şekilli gozasy bolan bu täsin ösümlikler diňe ownuk mör-möjekleri däl, eýsem, gurbagalary hem awlaýar. Bu ösümligiň gülleri gurbaganyň aýaklarynyň diňe hamyny siňdirip bilmeýär. Bu ösümligiň 100-e golaý görnüşi duş gelýär.