Parfýumeriýa önümleri gündelik durmuşda giňden ulanylýan serişdeler bolup, ys berijileriň ulanylyş düzgünlerini bilmek esasy şertleriň biridir. Esasan hem, howanyň gyzgyn günleri atyryň saklanyş we ulanylyş düzgünlerine ünsli çemeleşmeli. Ýagny haýsy atyry haçan we nähili ýagdaýda sepinmeli, howa şertine görä haýsy atyry saýlamaly? Şeýle hem atyryň gapagyny açanymyzdan soň näçe wagt ulanyp bileris? Geliň, atyr ulananymyzda üns bermeli ýagdaýlar bilen tanyş bolalyň!
Ysyň peselmegi. Parfýumeriýa serişdeleri gymmatly şahsy ideg önümi bolup, her kim öz halaýan ysyna görä atyr saýlaýar. Käbir atyr açylandan soň ýuwaş-ýuwaş ysyny ýitirip ugraýar. Atyryň özüne çekijiliginiň peselmegi, onuň zaýalanandygynyň ilkinji alamatydyr. Atyry kagyzyň üstüne sepiň we az salym ýelpäniňizden soň, ysgap görüň! Eger burnuňyza başdaky ýaly hoşboý ys gelse, onda atyry ulanybermeli. Eger-de ýakymsyz ys burnuňyza ursa ýa-da hiç hili ys almasaňyz, onda atyryň zaýalanandygy. Mundan başga-da, atyryň zaýalanyp ugrandygyny bilmegiň birnäçe usuly bar.