3-4-nji iýulda Astanada «ŞHG+» görnüşinde 16 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti geçirildi. Bu syýasy çärä Gazagystan, Hindistan, Eýran, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Belarus, Mongoliýa, Azerbaýjan, Katar, BAE, Türkiýe we Türkmenistan ýaly ýurtlaryň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary hem-de BMG-niň we ŞHG-niň Baş sekretarlary gatnaşdy.
«Köptaraplaýyn gepleşikleri güýçlendirmek: durnukly parahatçylygy hem-de ösüşi gözlemek» şygary bilen guralan sammitiň gün tertibinde möhüm halkara we sebit meselelerine garaldy.