Dünýäde deňizlerdäki ýel beketlerinden alynýan energiýada rekord goýuldy. Geçen ýyl kenardan uzakda gurlan bu beketlerdäki önümçiligiň 24 göterim artyp, 75,2 gigawata ýetendigi mälim edildi. Global ýel energiýa geňeşi (GWEC) tarapyndan taýýarlanan maglumata görä, geçen ýyl gurlup ulanmaga berlen ýel turbinalarynyň önümçilik kuwwaty 10,8 gigawat bolupdyr. Bu ugurda alty ýyldan bäri birinji bolup gelýän Hytaý geçen ýyl umumy önümçilik kuwwaty 6,3 gigawat bolan suwüsti bekedi işe girizipdir. Bu görkeziji Ýewropa ýurtlarynda 3,8 gigawat bolupdyr. Sebit ýurtlarynda Birleşen Patyşalyk (833 megawat), Fransiýa (360 megawat), Daniýa (344 megawat) we Germaniýa (257 megawat) öňdeligi eýeläpdir.
Aýgül Hajynazarowa,