Gyzykly bäsleşikler
Bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyrynyň şatlykly dowam edýän günlerinde olaryň wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda welaýatyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Biz bagtyýar çagalar» ady bilen sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça hem-de «Naýzajyklar nyşanada» atly ýaryş geçirildi.