Göreçleriň gürrüňi (Oýlanma)

1 Iýul 2024
323

Anha, sen ýene seretdiň. Göreçlerimiz ýene biri-birine galtaşdy. Hemişeki bolşuň ýaly, çala ýylgyrdyň-da, ýüzüňi kesä sowduň. Menem adatdakylar ýaly, ýene seni synlamaga durdum. Her gezek şeýle bolan mahaly sen hakda näçe oý-hyýallary başdan geçirýänimi bilýäňmi? Arzuw ummanynda hyýal gämisiniň ýelkenini açyp, seniň owadan hyýaly keşbiňe syn edýänimden habaryň barmy? Ýokdur. Muny diňe men bilýän hemem meniň kalbym.

Nazarymyz kaklyşan mahaly gözümi sowmaly bolýan, şonda birhili bakyşlaryňdan asgyn gelip, aljyraberýän. Her gezek hem şeýle bolýar, sen ýeňýäň. Içimden: «Şu gezeg-ä hökman onuň gözlerine göni bakaryn» diýýän. Ýöne bu pikiriň amala aşmak ähtimallygy ýok diýen ýaly.

Bazar ANNAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.