Bir gün bazarda bir goja satyjy garpyz satyp oturan eken. Bir garpyz — üç manat, üç garpyz — on manat. Bir adam gelipdir-de, üç manat berip, bir garpyz alýar. Soň üç manat uzadyp, ýene bir garpyz alypdyr. Ol adam soň ýene bir garpyz alýar. Gidip barýarka-da, goja ýaňsyly seredip:
– Seret, ýaşuly. Men üç garpyzy dokuz manada aldym. Sen bolsa üçüsini on manatdan satjak bolup otyrsyň. Söwda edip bileňog-aý!