Goja söwdagäriň dükanynda: «Satyjy gözleýäris» diýen bildiriş köp wagtlap asylgy durupdyr. Bir filosof hem dükançy bilen goňşuçylykda ýaşaýar eken. Onuň soňky döwürde gazanç meselesi kynlaşypdyr. Işe durjak bolup, o ýere, bu ýere urunsa-da netije bolmandyr. Söwdagär goňşusyna pul kömegini berse-de, işe alaýyn diýmeýärmişin.
Bir gün söwdagäriň aýaly näme üçin goňşularyny işe almaýanyny sorapdyr.