«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny gyzykly, şowhunly geçirmek maksady bilen, «Älemgoşar» seýilgähinde aýdym-sazly dynç alyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda aýdym-saz ýaňlanyp, dürli sorag-jogap alyşmalar, dürli oýunlary we tans bäsleşikleri ýerine ýetirmek ýaly şowhunlar has täsirli boldy. Bäsleşikde tapawutlanan çagalara we ýetginjek ýaşlara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Mundan başga-da, çagalar «Älemgoşar» seýilgähiniň attraksionlarynda aýlandylar. Gurnalan dabara körpeje nesillerimizde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.