Dünýäde parahatçylygyň öňüne geçjek başga bir zady göz öňüne getirmek kyn. Säher bilen sag-aman maşgalaň arasyndan örüp, öýüň törüni nurlandyran Güne salam berägede, işe sary ýola düşmekden uly bagt barmy, eýse?! Milli Liderimiziň «Ýaşasyn parahat durmuş!» diýen goşgusyndaky: «Ýaraglaň sesi, sem boluň!», «Millionlarça ykbala // Gyýa garamak bolmaýar», «Halklar – bir jebis maşgala. // Ýaşasyn parahat durmuş!» diýen filosofik setirleriniň çuňlugynda ýatan ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik bütin dünýäni bir bitewülige, jebislige çagyryş bolup ýaňlanýar.
Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde parahatçylyk taglymatyny oňyn syýasatynyň baýdagyna öwren döwlet hökmünde dünýäniň ykraryna eýe boldy. Türkmen halky pederleriň penalap gelen topragynda bir berkarar döwlet gurdy. Munuň şeýle bolmagynda «basan ýerinden ot syçraýar» diýdiren, Görogly gaýratly gerçeklerimiziň yhlasy bar. «Är ýigitden är dörär» diýlen nakylyň manysy, gije-gündiz diýmän, sowuk yssy diýmän asmanymyzyň asudalygyny, zeminimiziň parahatlygyny üpjün edýän merdana Watan goragçylarymyza seredeniňde, has aýdyň duýulýar. Olaryň kalbynda bir düşünje bar: Watan. Olaryň kalbynda bir söýgi bar: Watan. Çünki gan bilen giren diňe jan bilen çykýar. Asyrlaryň dowamynda arkama-arka, nesilme-nesil geçip gelýän bu watançylyk duýgusy ýene ençeme asyrlaryň jümmüşinde dowamat-dowam bolar.