Iki müň­den gow­rak la­çyn goý­be­ril­di

28 Iýun 2024
222

La­çyn­la­ry go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de soň­ky 30 ýyl­da iki müň­den gow­rak la­çyn te­bi­gy ýer­le­re goý­be­ril­di. Bu baş­lan­gyç Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň il­kin­ji Pre­zi­den­ti Şeýh Za­id bin Sul­tan Al Na­haý­ýan ta­ra­pyn­dan 1995-nji ýyl­da ýo­la go­ýul­dy. Bu ýyl mak­sat­na­ma 30-njy möw­sü­mi­ni ta­mam­la­ýar­ka, 63 la­çyn, şol san­da, 38 gök bähri, 25 ütelgi Ga­za­gys­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň, Mon­go­li­ýa­nyň we goň­şy ýurt­la­ryň kä­bir ýer­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan se­bit­le­ri­ne goý­be­ril­di.

Bu se­bit­ler la­çyn­lar üçin amat­ly ýa­şa­ýyş gur­şa­wy ha­sap­lan­ýar. Bu goý­be­ri­liş Ga­za­gys­ta­nyň Oba ho­ja­ly­k mi­nistr­li­gi­niň To­kaý ho­ja­ly­gy we ýa­ba­ny te­bi­gat ko­mi­te­ti­niň gö­zeg­çi­li­gi as­tyn­da gu­ral­dy. Abu-Da­bi we BAE te­bi­ga­ty we ýa­ba­ny jan­dar­la­ry go­ra­mak, esa­san hem, eko­lo­gik, me­de­ni we ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe bo­lan la­çyn­laryň we beý­le­ki ýa­ba­ny jan­dar­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar edi­len ta­gal­la­lar­da öň­de­li­gi­ni do­wam et­dir­ýär­ler.