Akyldar şahyryň belent sarpasy

27 Iýun 2024
271

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Esenguly şäherindäki Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde dabaraly çäre geçirildi. Oňa medeniýet işgärleri, ýerli şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ak saçly eneler gatnaşdylar.

Çäre şahyryň heýkeline gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Soňra medeniýet işgärleri çykyş edip, ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösüşi, akyldar şahyra goýulýan sarpa barada gürüň etdiler, ýerli şahyrlar goşgularyny okadylar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlar, edebi-sazly çykyşlar dabara bezeg berdi. Medeniýet we sungat işgärlerine jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

Resul Atajanow,
        Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy.