Dumly-duşdan dürli-dümen

26 Iýun 2024
180

Kiçi traktor

Russiýanyň kompaniýasynyň sergide hödürlän kiçi traktory täze innowasion tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanyldy. Ol ýörite üpjün edilen enjam arkaly sürüjisiz dolandyrylýar, kabinasy-da ýokdur. Robotlaşdyrylan traktor oba hojalyk işleriniň dürli görnüşlerini: ekinleri ekmek, tekizlemek, sürüm, suw pürkmek işlerini ýerine ýetirýär. Onuň ýene bir artykmaçlygy kiçi atyzlarda çeýe hereket edip bilýänligidir. Işläp düzüjiler onuň emeli intellekt esasynda päsgelçiliklerden sowlup geçýändigini we işleri ýokary takyklyk bilen ýerine ýetirýändigini aýdýarlar. Agramy bir tonna golaýlaýan tehnika sagatda 5-20 kilometr tizlikde hereket etmäge ukyplydyr. Ýörite programma üpjünçiligi topragyň, aýratynlykda her bir inedördül metr ýerde ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýy barada maglumat berýär.