Frans Kafkanyň haty auksionda satylar. Bu hat awstriýaly şahyr Albert Erenşteýne, ýazyjynyň dosty we neşirçisine ugradylypdyr. Hatyň ýazylan wagty belli däl. Emma bilermenler onuň 1920-nji ýylyň aprel-iýun aýlary aralygynda ýazylandygyny çak edýärler. Şol döwürlerde Kafka inçekesele uçrap, Italiýanyň demirgazygyndaky Merano şäherindäki hassahanada bejergi alýardy. Kesel ýazyjynyň ruhy ýagdaýyna hem düýpli täsirini ýetirip, döredijilik işine böwet bolýardy.
Barlag geçirijiler Erenşteýniň dostundan özüniň redaktorlyk eden edebi žurnaly «Die Gefaehrten» (Stipendiatlar) üçin bir zatlar ýazmagyny haýyş edendigini çaklaýarlar. Ýöne Kafka jogap hatynda üç ýyl bäri hiç zada eliniň barmaýandygyny, diňe öňki ýazan zatlarynyň çap edilýändigini ýazypdyr. Hünärmenler Kafkanyň hatlarynda özüniň eserleri barada kän gürrüň gozgamaýandygyny belleýärler.