11-nji iýunda belli sowet rus şahyry Arseniý Tarkowskiniň gyzy we režissýor Andreý Tarkowskiniň aýal dogany Marina Tarkowskaýa 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Marina Tarkowskaýa Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň roman-nemes dilleri bölüminiň agşamky bölüminde okady. Ilki «Russkiý ýazyk» neşirýatynda korrektor, soň bolsa redaktor bolup işledi. Ol «Aýnanyň bölekleri», «Arseniý Tarkowskiý: setirleriň arasynda meniň ykbalym köýdi», «Andreý baradaky ýatlamalar», «Indi biziň täze salgymyz bar» ýaly kakasy we dogany baradaky ýatlamalar kitaplarynyň awtorydyr. Marina Moskwada «Tarkowskiniň öýi» muzeýiniň döredilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmandy.