Ýaş ýigit babasyndan maslahat almak maksady bilen olara myhmançylyga barýar. Olar çaý-nahar edinenlerinden soň, agtygy babasyna ýüzlenip:
– Baba, siziň bilen bir maslahatym bar. Meniň dostlarymyň biri zehinli programmaçy. Ol maňa bilelikde internet ulgamy bilen baglanyşykly biznes açmagy teklip etdi. Bilşiňiz ýaly, men oňat hünärmen, eýýäm bir ýyl bäri ýokary aýlykly maglumat tehnologiýasy kompaniýasynda işleýärin. Ine, görşüňiz ýaly, golaýda awtoulag hem edindim. Men bir tarapdan, biznesimiziň ugruna bolup gitjegine ynanman hem duramok, ýöne beýleki bir tarapdan hem düşewüntli işimi ýitiresim gelenok. Siz nähilem bolsa, öz wagtynda işewürlik bilen meşgullanan adam, bu ugurdan tejribäňiziň az däldigini bilýän. Belki, siz maňa näme etmelidigini maslahat berersiňiz?!