Awstriýanyň Hallstatt şäheri ertekilerdäki ýaly owadan gurluşy bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Hallstätter kölüniň günorta-günbatar kenary bilen Daçşteýn dagynyň dik gaýalarynyň arasynda owadan peýzažy emele getirýän şähere awtoulagly ýa-da otluly baryp bolýar. 59 müň 72 inedördül kilometr meýdany eýeleýän Hallstatt şäheri deňiz derejesinden 511 metr belentlikde ýerleşýär.
Meşhur syýahatçylyk şäheri «Marktplatz Hallstatt» atly kiçijik meýdançasy bilen myhmanlary garşylaýar. Şäheriň 3-4 gatly pessejik jaýlary we beýikli-pesli daşly köçeleri XVI asyry ýadyňa salýar. Alp daglarynyň etegindäki şäherde dünýäniň iň gadymy duz känleriniň biri bolan Salzwelten Hallstatt we Beinhaus şahtalary bar. Häzirki wagtda muzeý hökmünde ulanylýan bu ýere relslerden ýöreýän arabalara münüp baryp bolýar. Duz magdanyna barmak isleýänlere ilki ýörite gorag eşikleri geýdirilýär. Soňra ýörite ýerasty muzeýe äkidilýär.