14-nji iýunda Günorta Afrika Respublikasynyň Milli Assambleýasy ýurduň dolandyryjy «Afrikanyň milli kongresi» partiýasynyň lideri Siril Ramafosany geljek bäş ýyl üçin Prezident saýlady. Parlamentiň ilkinji mejlisine başlyklyk eden baş kazy Reýmond Zondo parlamentde geçirilen ses berişlikde Ramafosanyň 283 ses, «Ykdysady azatlyk üçin göreşijiler» partiýasynyň başlygy Julius Malemanyň 44 ses alandygyny mälim etdi.
29-njy maýda ýurduň parlamentine we dokuz welaýatyň kanun çykaryjy organlaryna saýlawlar geçirildi. Bu saýlawlarda Ramafosanyň «Afrikanyň milli kongresi» partiýasy 40,2 göterim ses alyp ýeňiş gazandy. Ikinji orny 21,6 göterim ses bilen «Demokratik bileleşigi» partiýasy, üçünji orny 14,6 göterim ses bilen ýurduň öňki Prezidenti Jeýkob Zumanyň «Umkhonto we Sizwe» partiýasy eýeledi. «Ykdysady azatlyk üçin göreşijiler» partiýasy bolsa, 9,4 göterim sese eýe boldy.