17-nji iýunda Fransiýada möhletinden öň geçiriljek parlament saýlawlarynyň birinji tapgyry üçin saýlaw kampaniýasy başlandy. Saýlaw kampaniýasy bary-ýogy 12 gün dowam eder. Bir hepde dowam eden gyzgalaňly bildirişlerden soň, ýurduň 577 saýlaw okrugynda dalaşgärler hasaba alyndy. Häzir ýurtda saýlawçylar bilen duşuşyklar, saýlawyň öň ýanyndaky düşündiriş işleri alnyp barylýar.
Ýewropa Parlamentine geçirilen saýlawlarda Fransiýada aşa sagçylaryň ynamly ýeňşinden hem-de «Galkynyş» partiýasynyň şowsuzlygyndan soň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron fransuz parlamentiniň aşaky palatasy - Milli ýygnagyň ýatyrylýandygyny yglan etdi. Bu barada fransuz lideri teleýaýlym arkaly halka ýüzlenmesinde aýtdy. Makron möhletinden öň geçiriljek parlament saýlawlarynyň birinji tapgyrynyň 30-njy iýunda, ikinji tapgyrynyň bolsa, 7-nji iýulda geçiriljekdigini mälim etdi.