Abu-Dabide Şeýh Zaýed adyndaky milli muzeýiň gurluşygy tamamlanyp barýar. Futuristik gurluşyň esasy aýratynlygy onuň bäş sany heýkel ganatydyr. Kaşaň desganyň özboluşly binagärlik elementleri içerki salkynlygy saklamak üçin hem niýetlenendir. Açylyş dabarasy 2025-nji ýylda meýilleşdirilýär diýip, «New Atlas» habar berýär.
Muzeý BAE-niň ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýediň hormatyna gurulýar. Onuň ajaýyp dizaýny Emirlikleriň düýbüni tutujy şeýh Zaýediň laçynly aw awlamaga we ýurduň daglyk ýerlerine bolan söýgüsini ýatladýar. Esasy bina 30 metr beýiklikdäki depe görnüşinde bolup, polat ganatlar 83 metrden 123 metr beýiklige göterilýär. Ganatlar çylşyrymly gurluşy arkaly gyzgyn howany özüne çekmek bilen tüsseçykar ýaly hyzmat edýär.