Arheologlar Wezuwiý wulkany atylandan soň külüň astynda 2 müň ýyl saklanyp galan Pompei şäherinde täze açyş etdiler. Bu barada Pompeide geçirilýän gazuw-agtaryş işleri baradaky resmi elektron žurnaly «E-Journal degli Scavi di Pompei» habar berdi.
Arheologlar şäheriň merkezi böleginden ýüze çykarylan täze otag barada jikme-jik hasabat çap etdiler. Diwarlaryna gök reňk çalnan otag däp-dessurlar bilen baglanyşykly çäreleri guramaga we mukaddes zatlary saklamaga niýetlenen ýer hökmünde baha berildi. Hünärmenler gök reňkiň Pompei freskalarynda seýrek duş gelýändigini, adatça, ussatlyk bilen bezelen otaglarda ulanylandygyny bellediler. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda 15 sany küýze, şeýle hem 2 sany ýag çyra we olaryň aşagyna goýulýan söýeg ýaly bürünçden ýasalan zatlar ýüze çykaryldy. Bulardan başga-da, köp mukdarda gurluşyk materiallary we bosagada suwaga goşmak üçin taýýarlanyp goýlan balykgulak gatyşykly çäge tapyldy.