Şöhratly geçmişimizde ylym-bilimde uly işleri bitirip, taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimiz sanardan kän. Şolaryň biri hem Gündogarda meşhur türkmen alymy hökmünde tanalýan Abulhasan Aly ibn Ahmet an-Nesewidir. Beýik alym, takmynan, 970-nji ýylda Nusaýda dünýä inýär. Ol Guşýar ibn Labbanyň şägirdi bolup, Reýde Majd ad-Daulyň köşgünde, Gazna şäherinde Mahmyt Gaznalynyň we onuň mirasdüşerleriniň köşklerinde, Seljuk soltanlarynyň köşklerinde, has anyk aýdylanda, Seljuk türkmenleriniň merkezi bolan Yspyhan şäherinde birnäçe işleri ýerine ýetirýär. Görnükli alym, takmynan, 100 ýaşap, 1070-nji ýylda aradan çykýar. Ýewropada Abilhasan Hali ben Ahmed Nasuenis diýlip atlandyrylýan Ahmed an-Nesewi Mahmyt Gaznalynyň köşgünde Abu Nasr ibn Yrak (953/54 – 1034 ýý.), Abu Reýhan al-Biruny (973-1048 ýý.) ýaly öz döwrüniň beýik alymlary bilen eginme-egin bile işleýär. Soňra Ahmet an-Nesewi Çagry begiň çakylygy bilen Seljuklylar köşgüne çagyrylýar. Alym bu ýerde köşk astrology we astronomik gözegçiligi geçirmek üçin birnäçe işleri amala aşyrýar.
Ahmet an-Nesewi özüniň matematika degişli bolan «Ýewklidi abstragirlemek» (Tajrid Uklidis), «Geometriýanyň başlangyçlaryny abstragirlemek» (Tajrid fi usul al-handasa), «Başlangyçlar» kitabynyň gaýtadan işlenen görnüşini, Arhimediň «Lemm» kitabyna seljermeler (Şarh kitab al-Mahuzat li Arşimidis) ýaly traktatlary ýazýar.