Ýewropanyň ykdysady taýdan ösen ýurdy bolan Germaniýanyň ilatynyň 2045-nji ýyla çenli 85,5 milliona ýetjekdigi çaklanylýar. Çaklamalara görä, şol wagta çenli ýurduň ilaty 1 göterim artyp, 85,5 milliona ýeter. Ýurduň Gurluş, şäher we binalar ylmy-barlag institutynyň bilermenleri (BBSR) 22 ýylda ýurduň ilatynyň 800 müň artjakdygyny çaklaýar. Ilatyň artyşynda daşary ýurtlardan göçüp gelýänleriň has täsirli boljakdygy bellenilýär. Ilatyň artyşy ýurduň sebitlerinde tapawutly bo lar. Ykdysady taýdan ösen şäherler, şol şäherleriň daş-töweregi, esasan hem, Bawariýa we Baden-Wýurtemberg welaýatlarynyň şäherden uzakdaky ýerlerinde ilatyň artyşy dowam eder. Iri şäherlerden uzakdaky ýerlerde bolsa ilat sany azalar.
Aknur ÖDEKOWA,