Uzak ýaş — bagtly durmuş
Eneleriň ömri nusgalyk ýol-ýörelgedir. Olaryň barlygy älem-jahanyň nuranalygy hem-de owadanlygy bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Eneler dünýäniň ebediliginiň ygtybarly kepilidir. Eneler ýaşaýşyň gözbaşydyr we dowamatydyr» diýip belleýşi ýaly, eneler bakylykdyr, dowamatdyr.