Oňyn özgertmeler kämilligiň özeni

19 Iýun 2024
356

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler esasynda, ýurdumyz ähli ugurlar boýunça batly depginlerde ösdürilýär. Türkmen ylmyny dünýä derejesinde ösdürmek maksady bilen ýurdumyz tarapyndan ylmy esasly birnäçe maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, döwlet tarapyndan ylmy goldamak giňeldilýär, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi hem barha ýokarlandyrylyp, uly üstünlikleriň gazanylmagyna, eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň hem artmagyna uly goltgy berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan ygtyýarnama alnan ylmy açyşlaryň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Karara gol çekmegi ylmy işler bilen meşgullanýan ähli raýatlarymyzyň başyny göge ýetirdi.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.