Döwrümiziň gojalary

19 Iýun 2024
285

Hyrslan aganyň şägirdi

Men Hommat agalara baranymda, ol ýanýoldaşy Ogulkeýik eje bilen çaýlaşyp oturan ekeni. Ol saglyk-amanlykdan soň, maňa öýüň töründen ýer görkezdi. Men myhman hatyramy saklap, şol ýere ornaşdym. Onuň durmuş hem-de zähmet ýollary barada gürrüň gozgamagyň ebeteýini tapman, esli salym oturdym. Ahyry ýüregimi bire baglap, şu sözleri aýtmaga ýetişdim.