Ýaşlyk bir bahardyr (Durmuş we biz)

17 Iýun 2024
433

Bu sözi görüp oturan kinolarymyň birinden: «Üýtgeşik eken» diýip, belläp alypdyryn. Bir kişiniň ykbalynyň başdan-aýak şeýle gowy sözler bilen suratlandyrylmasy, gör, näçe adama täsirini ýetirýär. Hem kino tomaşa etdirýär, hem kän zady ýadyňa salýar. Ýok, ýadyňdanam beter bir gün käsedäki suwuň gutaryşy deý, wagt gelip, hemme zadyň paýawlajakdygyny duýdurýar. Göz öňüňe getirmekden gorkýan zadyňy ýatladýar. Kino gutaransoň, birsalym hem bolsa, ýene huşuňdan çykýar bu pikir. Gezýäň, aýlanýaň-dolanýaň, böwrüňden ünjüsi aýyrlaňkyrlady hasaplasaňam, nazaryň aýnada her eglenmesi haýran galmagyň sykylygyny çaldyrýar oturyberýär.

Ilkinji ak saçlaryňa gözüň düşýär. Geň galmak gatyşykly gorky eýeleýär kalbyňy. «Eýýämmi?» diýýär içiň. Ýyllaryň şeýle tiz aýlanýanyna ynanybileňok. Soň köpçülikde owadan hem ýaş görünmek baradaky arzuwyň ýadyňa düşýär. Hiç kime görkezmäsiň gelýär ol tarlary. Bolanok. Ýaşlygyň gitjek, garrylygyň geljek günleri duýgularyňy birhili aldym-berdime salýar. Şonda up-uzak bolup görünýän ömür ýel atyna münene dönüberýär. Uludan dem alýaň. Içiň ahmyrdan doly howry bar zady ýakyp-ýandyraýarly görünýär. Ýöne olam hyýalyňda.

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.