Zergärçilik sungatyna bagyşlandy

8 Iýun 2024
371

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan yglan edilen «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry jemlendi. Welaýat merkezindäki medeniýet öýünde geçirilen nobatdaky tapgyra gatnaşan zergärler bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, senetçiligiň nesilden-nesle geçip gelýän däpleri, zergärçilik sungatyna degişli işleriň özboluşly aýratynlygy barada gürrüň berdiler, zergärçilik işiniň bir bölegini ýerine ýetirmekde başarnyklaryny görkezdiler, öz döreden zergärçilik işini labyzly okan goşgudyr gazalynyň, ýerine ýetiren aýdymynyň üsti bilen wasp etdiler.

Bäsleşigiň netijesinde ýaş zergärler Dörtguly Tüýliýew hem-de Ogulgerek Ataballyýewa ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).