Ýüreklerimizde orny bar

7 Iýun 2024
328

Şu günler «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy dowam edýär. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylan täze kitap bilen baglanyşykly çäreleriň giň toplumyna biziň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutymyzda hem badalga berildi.

Biz ýaşlar üçin «Magtymguly» atly täze kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iň ýakymly sowgatlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabyň çap edilendigi barada şu ýylyň 17-nji maýynda paýtagtymyzda «Magtymguly» medeni-seýilgäh toplumynyň we akyldar şahyryň ýadygärliginiň açylyp, ulanylmaga berlen güni habar bermegi ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Ylma, bilime teşne türkmen ýaşlary Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny höwes bilen okaýarlar, akyl-paýhasdan doly şygyrlardan özlerine ýol-ýörelge alýarlar. Şahyryň goşgulary biziň gözýetimimizi giňeldýär, ruhy dünýämizi baýlaşdyrýar. Bäş ýüz sahypadan gowrak bolan uly göwrümli kitap biziň öýlerimiziň töründe, esasan-da, ýüreklerimizde orun aldy. Şeýle kitaby sowgat berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Gülbahar SÄHETMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.