Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de Stenli Kubogynyň finalçylary belli boldy. Konferensiýalaryň final duşuşygyndan soň «Florida Panters» bilen «Edmonton Oýlers» toparlary finalda oýnamaga hukuk gazandy.
Gündogar Konferensiýanyň finalynda «Florida Panters» topary «Nýu Ýork Reýnjersi» 6-njy duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňip, umumy hasapda 4:2 öňe saýlan we bassyr 2-nji umumylykda-da 3-nji gezek finala çykmagy başardy. Günbatar Konferensiýanyň finalynda-da ýeňiji 6 duşuşykda belli bolup, Kanadanyň «Edmonton Oýlers» topary 6-njy duşuşykda «Dallas Stars» toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, umumy hasapda 4:2 öňe geçen «Edmonton Oýlers» topary 18 ýyldan soň 2-nji gezek NHL-iň finalyna çykdy.