Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da final duşuşyklaryna şu gün badalga berler. «Dallas Maweriks» bilen «Boston Seltiks» toparlarynyň arasyndaky final duşuşyklarynyň ilkinji 2 oýny Bostonda (7-nji we 10-njy iýunda), 3–4-nji duşuşyklar Dallasda (13-nji we 15-nji iýunda) geçiriler. Gerek bolan ýagdaýynda 5-nji duşuşyk 18-nji iýunda Bostonda, 6-njy duşuşyk 21-nji iýunda Dallasda, 7-nji duşuşyk bolsa 24-nji iýunda Bostonda geçiriler. Ilkinji 4 duşuşykda ýeňiş gazanan topar 78-nji möwsümiň çempiony bolar.
«Dallas Maweriks» topary Günbatar Konferensiýanyň finalynda 5 oýnuň netijesinde «Minnesota Timberwolwes» toparyny, «Boston Seltiks» topary-da Gündogar Konferensiýanyň finalynda «Indiana Peýsersi» 4:1 hasabynda ýeňipdi. «Dallas Maweriks» 3-nji gezek NBA-nyň finalynda oýnar. «Dallas Maweriks» topary mundan öňki finalyň 2-sinde-de «Maýami Hit» bilen duşuşyp, garşydaşyndan 2006-njy ýylda asgyn gelipdi, 2011-nji ýylda bolsa üstün çykyp, ilkinji çempionlygyny baýram edipdi.